Wýetnam daşky gurşaw gözegçiliginiň bitewi ulgamyny döredýär

SalamNews

1

Wýetnam daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge we tebigy gorlarda biodürlilige gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän toplumlaýyn daşky gurşaw gözegçiliginiň bitewi ulgamyny ösdürmegi maksat edinýär. Bu barada Wýetnamyň habarlar gullugy maglumat berdi.

Täze ulgam daşky gurşawyň hiline baha bermek üçin möhüm ölçegleri ýazga alar, bu bolsa hünärmenlere daşky gurşawyň ýagdaýyny has takyk çaklamaga mümkinçilik döreder. Öňümizdäki ýyllarda daşky gurşaw hyzmatlary ulgamynda howanyň hiline yzygiderli gözegçilik etmek boýunça goşmaça stansiýalaryň 18-si gurlar we 31 sany toplumlaýyn daşky gurşaw derňew ulgamy dörediler. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň ykdysady ösüşinde möhüm rol oýnaýan we dürli toparlaryň senagat galyndylaryny öndürýän sebitlere aýratyn üns berler.

Bu maksatnama Wýetnam Respublikasynyň premýer-ministri Çang Hong Ha tarapyndan tassyklanan 2030-njy ýyla çenli uzaldylmak maksadynda şol döwür üçin milli daşky gurşaw gözegçiligi meýilnamasyna laýyklykda durmuşa geçirilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews