Fransuz arheologlary myhmanhananyň astyndan orta asyr galasyny tapdylar

SalamNews

2 Aprel, 2024

1

Fransiýanyň perwentiw arheologiki gözleg institutynyň (PAGI) arheologlarynyň Bretan sebitiniň Wann şäherindäki häzirki zaman myhmanhanasynyň çäginde orta asyr galasynyň galyndylaryny tapandyklaryny «Mir 24» habar berýär.

Bretan X-XVI asyrlarda basybalyjy wikingleriň ýurtdan çykarylmagyndan soň ýüze çykan feodal döwletdir. Tapylan gala Jan de Montfort IV tarapyndan eýelik edilen emläk hasaplanypdyr. Barlaglar adamlaryň 16-njy asyra çenli şu galada ýaşandyklaryny görkezdi.

Şeýle hem arheologlar gersogyň kabulhanasynyň birinji gatynyň, daşarky garymyň üstünden ýokary galýan diňiň galyndylarynyň we ownuk tapyndylaryň üstünden bardylar. Şolaryň arasynda küýzeler, pyçaklar, saçlar, teňňeler, geýim we aýakgap çelekleri hem-de açarlar bar.

Uzynlygy 42 metre, ini bolsa 17 metre, diwarlarynyň galyňlygy 5,5 metre deň bolan orta asyr galasynyň içinde birnäçe basgançaklar hem-de guýma bezegli gapylaryň peştaglary saklanyp galypdyr. Arheologlar gurluşyk wagtynda binagärleriň galanyň goranyş we ýaşaýyş jaý wezipesini göz öňünde tutandyklaryny belleýärler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews