«Real Madrid» 17-nji, «Bawariýa» 13-nji gezek ýarym finalda

SalamNews

18 Aprel, 2024

1

UEFA Çempionlar Ligasynda çärýek finalyň jogap oýunlarynyň ählisi hem tamamlanyp, ýarym finalçylaryň 4-si hem belli boldy. 2 ispan klubundan soň, 2 iňlis kluby hem ýaryş bilen hoşlaşyp, yklymyň iň güýçli toparlaryndan «Real Madrid» hem-de «Bawariýa» bäsleşigi dowam etdirerler. Umumylykda Germaniýadan 2, Fransiýadyr Ispaniýadanam 1 klub çempionlyk ugrunda göreşer.

Madridde oýnalan duşuşykda toparlaryň hersi 3 gol geçirse-de, tapgyry geçmek jogap oýnuna galypdy. Mançesterdäki duşuşyga «Real Madrid» erjel başlady. Eýýäm 12-nji minutda garşylyklaýyn hüjümde Winisius Junioryň pasyndan soň ispan topary 1-0 öňe saýlandy. Ýöne ýer eýesi «Mançester Siti» toparyna bu gola jogap bermek birneme wagt aldy. 1-nji ýarymy şol hasap bilen tamamlanan duşuşykda Holannyň bir urgusy sütünden yzyna gaýtdy. De Bruýneniň, Bernardo Silwanyň, Grilişiň urgularyny-da «Realyň» derwezeçisi Lunin sowmagy başardy. Oýnuň 76-njy minutynda duşuşyga soň giren Žeremi Dokunyň tagallasy bilen jerime meýdançasynyň içine getirilen topary Rudiger uzaklaşdyryp bilmedi. Öňüne düşen topy batly uran De Bruýne hasaby deňledi. Şondan soň «Mançester Sitiniň» hüjümleri hasam güreldi. Ýöne duşuşygyň esasy wagty 1-1 deňlikde tamamlanyp, goşmaça 30 minut berildi. Goşmaça wagtda-da ýer eýeleri näçe dyrjaşsa-da, hasaby artdyrmak başartmady. Ýeňijini penalti urgulary kesgitläp, bu urgularda-da «Real Madrid» 1, «Mançester Siti» 2 gezek ýalňyş goýberdi. Netijede, penaltilerde 4-3 hasabynda üstün çykan «Real Madrid» bassyr 4-nji, umumylykda 17-nji gezek (rekorda deň) ýarym finala çykdy.

Londondaky duşuşykdan deňlik bilen (2-2) dolanan «Bawariýa» öz meýdançasynda «Arsenaly» 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Myhmanlaryň has erjel oýun görkezen duşuşygynda iňlis klubunyň oýunçylaryna derwezeçi Manuel Noýeri geçmek başartmady. Duşuşykda ýeňijini kesgitlän ýeke-täk goly 63-nji minutda Gerreýronyň pasyndan soň Ýozua Kimmih geçirdi. Şunlukda, «Bawariýa» umumy hasapda 3-2 öňe saýlanyp, 4 ýyldan soň ilkinji gezek ýarym finalda oýnar. «Bawariýa» topary 13-nji gezek ýarym finala adyny ýazdyrdy.

«Bawariýa» topary ýarym finalda «Real Madrid» bilen duşuşar. Duşuşyklar 30-njy aprelde hem-de 8-nji maýda oýnalar.   

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews