Aşgabatda «Zenanlar işewürlikde» atly trening okuwlary geçirildi

SalamNews

Golaýda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda dolandyryş ukyplaryny öwretmek başlangyçlary boýunça kiçi we orta kärhanalaryň zenan ýolbaşçylary üçin «Zenanlar işewürlikde» atly trening okuwlary geçirildi.

Bir başlangyçdan doly hukukly kärhana öwrülmek, päsgelçilikden geçmek aňsat iş däl. Köp telekeçiler täze işiň başlangyjynda ösüşi dolandyrmakda, gurluşy ýola goýmakda we işjeňleşdirmekde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilen bu trening okuwlary oňa gatnaşyjylara bilim bermek we olaryň işlerini täze derejä çykarmak, amaly gurallary hödürlemek üçin döredildi.

Şu ýylyň 3 — 6-njy iýuny aralygynda başlanan trening okuwlarynyň çäginde 6-7-nji iýunda toparlaýyn kowuç sessiýalary geçirildi. 11 — 22-nji iýunda bolsa indiwidual sessiýalary geçiriler.

Seminar okuwlaryny halkara maslahat beriş kompaniýalarynda ýokary wezipelerde 20 ýyldan gowrak iş tejribesi bolan halkara sertifikatly dolandyryş geňeşçisi (CMC Global), professional sertifikatly tälimçi, PCC we Halkara tälimçilik federasiýasynyň (ICF) agzasy, 2012-nji ýyldan bäri Dolandyryş ulgamlary maslahat beriş, tälimçilik, okuw, maslahat kompaniýasynyň esaslandyryjysy we direktory hökmünde çykyş edýän Marina Pogosýan alyp bardy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews