BMGÖM Türkmenistanda ekologik gözegçilik ulgamynyň kämilleşmegine goşant goşýar

SalamNews

14-15-nji maýda Aşgabatda BMGÖM bilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikdäki «Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi» taslamasynyň çägindäki okuw sapagy geçirildi. Oňa degişli ugurlarda zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdy.

Bu okuwyň maksady howanyň hapalanmagyna gözegçilik barlaghanalarynyň inspektorlaryna we hünärmenlerine BMGÖM-niň degişli taslamasy tarapyndan satyn alnan täze gurallar esasynda dürli görnüşli benzin we dizel hereketlendirijileri bilen işleýän ulaglardan çykýan zyýanly galyndylara gözegçilik etmegiň häzirki zaman usullaryny öwretmekden ybaratdyr.

Okuwyň çäginde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşaw gözegçiligi gullugynyň howanyň hapalanmagyna gözegçilik barlaghanasynda täze enjamlaryň işleýşi we amaly maşklar boýunça görkezişler guraldy.

Bu okuwyň Daşky gurşawa gözegçilik gullugynyň barlaghanalarynyň we daşky gurşawy goramak bölümleriniň has kämilleşdirilen işleriniň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak hem-de milli daşky gurşaw gözegçiligini gowulandyrmak üçin BMGÖM-niň taslamasynyň esasy maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine goldaw bermegine garaşylýar.

Okuw tamamlananyndan soň, gatnaşyjylaryň hemmesine BMGÖM-niň degişli şahadatnamalary gowşuryldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews