Onkokeselleri ýeňmäge «emeli aň» kömek edýär

SalamNews

10 Aprel, 2024

Daniýanyň paýtagty Kopengageniň golaýynda ýerleşýän Kege şäherindäki keselhanada onkokeselleri bejermekde emeli aňdan peýdalanyp başladylar.

Emeli aň tehnologiýalary ýogyn we göni içegäniň düwnük keselini bejermek üçin ulanylýar. Ulgam lukmanlara operasiýadan öň we soň näsag üçin aýratyn bejeriş düzgünnamasyny bellemäge kömek edýär. Munuň üçin emeli aň hassanyň keseliniň taryhyny we şol bir keseli 76 müň adamyň maglumatlary bilen degşirip serjerme geçirýär.

Lukmanlaryň pikirine görä, emeli aňyň berýän maslahatynyň netijesinde operasiýadan soňky kynçylyklaryň derejesi iki esse azaldy. Umuman alanyňda, emeli aň hassahanada näsaglara 200 gezek bejergini belledi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews