Ýaponiýanyň imperatorynyň maşgalasy ilkinji gezek sosial ulgamda peýda boldy

SalamNews

3 Aprel, 2024

1

Ýaponiýanyň imperator maşgalasynyň ilkinji gezek sosial ulgamlarda, ýagny Instagramda peýda bolandygyny «Sky News» habar berdi.

Olaryň instagram sahypasynda 60 surat we bäş wideo çap edilipdir. Şol sahypanyň üsti bilen Imperator maşgalasynyň Täze ýyly nähili bellänligini we ýanwar aýynyň başyndan bäri näme edýändiklerini bilip bolar. Mysal üçin, imperatoryň Keniýanyň prezidenti bilen duşuşygyna we Tokionyň sungat muzeýine baryp görşüne tomaşa edip bolar.

Ilkinji gün 400 müňden gowrak ulanyjy Ýaponiýanyň imperator maşgalasynyň hasabyna ýazyldy. Şeýle seslenmäniň imperator maşgalasynyň göwnünden turjakdygy şübhesiz.

Mundan başga-da, imperator maşgalasy sosial ulgamlarda has işjeň bolan ýaşlaryň ünsüni özüne çekmegi maksat edinýär. Şeýle-de bolsa, abunaçylar sahypadaky ýazgylara entek teswir berip bilmeýärler.

Imperator ýa-da garyndaşlary bilen habarlaşmak üçin ýapon jemgyýeti entek hem imperatoryň resmi web sahypasyny ulanmaly. Şeýle-de bolsa, imperator maşgalasynyň metbugat gullugy Instagramyň halkyň hökümdaryň borçlaryna has gowy düşünmegine ýardam etjekdigine umyt edýär.

Ýaponiýanyň häzirki imperatory — 2019-njy ýylda tagtdan aýrylan hormatly imperator Akihitonyň ogly Naruhito. Habar beriş serişdeleri häzirki wagtda Ýaponiýanyň monarhiýasynyň muşdaklarynyň uly böleginiň köne nesle degişlidigini tassyklaýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews