Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenleri üçin sport iýmitini we ýörite iýmit goşundylaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan edilýär

SalamNews

4 Mart, 2024

4 Mart, 2024

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenleri üçin sport iýmitini we ýörite iýmit goşundylaryny satyn almak boýunça çäklendirmesiz gatnaşmak arkaly bäsleşik yglan edýär.

Lot №1 — Sport iýmiti we ýörite iýmit goşundylary.

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

— bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;

— «Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, bäsleşikleri geçirmegiň düzgünleri we oňa gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;

— lotuň häsiýetnamasyny we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;

— bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her lot üçin bellenen möçberde töleg tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Bildiriş neşir edilen gününden başlap, bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja aşakda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada sowalnamanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşinde) we tehniki-ykdysady häsiýetnamasy (Excel görnüşinde) bolmaly.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler 2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde sagat 16:00-a çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 52-nji jaýy, Söwda toplumynyň binasy, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44 64 21, 44 64 16, faks belgisi: 44 65 08

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews