Daşoguz welaýat häkimligi “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, 2024-nji ýylda welaýatyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilen suw, lagym geçirijileriň, awtomobil ýollarynyň we elektrik geçirijileriň gurluşyk işleri üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:
gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk abatlaýyş işleri barada maglumat.
Bäsleşik teklipleri 2024-nji ýylyň 12-nji apreline, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
+993 (322) 9-03-02
Faks:
+993 322 9-03-14
Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy