“Türkmengaz” DK gazgeneratory bejermek boýunça halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar

SalamNews

19 Aprel, 2024

19 Aprel, 2024

8

“Türkmengaz” döwlet konserni tender toparynyň adyndan “LM-2500DLE” kysymly gazgeneratory bejermek boýunça halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;

  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;

  • 1725 amerikan dollary möçberde (şol sanda GBS harajatlary) tölegi töläp, bäsleşik resminamalaryny almaly.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda aşakda görkezilen salgy boýunça ýerli wagt bilen 18:00 çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipleri, tender tölegi tölenenden soňra seljerilip başlanar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(+99312) 40-32-40

(+99312) 40-32-50

Faks:

(+99312) 40-32-59

Elektron salgysy:

foreign-relations@turkmengaz.gov.tm

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews