Türkmendeňizderýaýollary» agentligi Türkmenbaşy şäherindäki “Çarlak” myhmanhanasy üçin zerur enjamlary satyn almak babatda görkezilen lotlar boýunça bäsleşik yglan edýär

SalamNews

27 Fewral, 2024

27 Fewral, 2024

Lot № 1: - Kuwwaty 450-500 kWt bolan kondisioner üçin iki çiller;  (12-nji gat üçin hasaplama);

-  Myhmanhananyň gatlarynyň arasynda dürli ölçeglerdäki geçiriji turbalar;

Lot № 2 – Her biriniň göterijiligi 630 kg deň bolan, iki sany ýolagçy lifti (5 adamlyk)

- Ýük göterijiligi 1000 kg bolan ýük we ýolagçy lifti (10 adamlyk).

Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalar aşakdaky resminamalary bermeli:

• Gatnaşmak üçin ýüz tutujynyň doly adyny, bu ugurda tejribesini, kanuny ýagdaýyny we rekwizityny beýan edýän anketany tabşyrmaly, şeýle hem, oňa goşundy hökmünde esaslandyryjy resminamalary, ynanç hatyny, pasportyň göçürmesini we  arza berijiniň wekiliniň telefon belgileri goşmaly

• Bu ugurda kompaniýanyň tejribesi barada maglumat;

• Kompaniýanyň jogapkär wekilinden ynanç haty;

Tehniki şertleri, «Turkmendeňizderýaýollary» agentliginiň hasabyna 300 (üç ýüz) ABŞ dollaryny tölemek arkaly alnyp bilner.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar bildirişiň yglan edilen gününden başlap, 1 aýyň dowamynda, Türkmenbaşy şäheriniň, Şagadam köçesiniň 8 “A” jaýynda ýerleşýän «Turkmendeňizderýaýollary» agentliginde kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin:

Tehniki ösüş we kadalaşdyryş bölümi

Tel: +993 243 6-07-46

E-poçta: tech.dept@tmrl.gov.tm

Daşary ykdysady gatnaşyklar we logistika bölümi

Tel: +993 243 4-95-51

E-poçta: foreign_dept@tmrl.gov.tm

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews