«Ýaşyl geljegiň umytlary» atly fetiwal geçiriler

SalamNews

24 Aprel, 2024

Halkara nol galyndylar güni we Türkiýäniň Çagalar güni mynasybetli 23-nji aprelde Aşgabatdaky türkmen-türk mekdebi «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde guramagynda «Ýaşyl geljegiň umytlary» atly festiwal geçiriler. Festiwala çagalar öz maşgalalary bilen bilelikde gatnaşyp bilerler. Çäräniň maksady daşky gurşawy goramagyň ähmiýetini ýaýmak, galyndylaryň mukdaryny azaltmak, gaýtadan işlemekligi artdyrmak we ekologiýa durnuklyly saklamaga çagyrmakdan ybaratdyr.

Festiwal 23-nji aprelde, Türkmen-türk mekdebinde geçiriler we myhmanlara dürli oýunlar, bäsleşikler, eko-kwestlar, aýdym-saz, gözbagçylar, sergi we ussatlyk sapaklary garaşýar.

Çagalar festiwalynyň açylyş dabarasy başlar. Giriş tölegsiz.

Habarlaşmak üçin:

  • (+99312) 94-03-19

  • (+99312) 94-03-26a

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews