«Oskar» alan filmleriň aýdym-sazlary Mukamlar köşgünde ýerine ýetiriler

SalamNews

31 Mart, 2024

31-nji martda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Oskar» filmlerinden aýdym-saz» atly konsert geçiriler.

Meşhur sazlary Rasul Klyçewiň alyp barmagynda Döwlet simfoniki orkestri ýerine ýetirer. Şeýle hem, konsertiň çäklerinde, meşhur filmleriň käbirleriniň bölek wideo görnüşleri bilen birlikde sazlary ýerine ýetiriler. Mundan başga-da, tomaşaçylara türkmen filmleriniň aýdym-sazlarynyň ýerine ýetirilişi hem hödürlener.

Zehinli sazandalar tarapyndan ýerine ýetiriljek meşhur sazlar myhmanlarda ýatdan çykmajak pursatlary we duýgulary galdyrar.

Konsert 18: 00-da başlar. Bilet satyn almak barada soraglar üçin şu belgilere jaň edip bilersiňiz: (+99312) 22-38-98 / 51-41-57; (+99363) 46-71-77; (+99364) 03-74-56.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews