Aşgabadyň kinoteatrlarynda «Kompozitor» atly täze türkmen filminiň görkezilişi bolýar

SalamNews

14 Aprel, 2024

1

Şu günler paýtagtymyzyň «Aşgabat», «Watan», «Türkmenistan» kinoteatrlarynda «Kompozitor» atly täze türkmen filminiň gündelik görkezilişi geçirilýär. Filmiň edebi esasyny ýazan awtory we režissýory Maksat Gylyjow bolup, ol tomaşaçylary ýaş kompozitoryň maşgala durmuşynda bolup geçýän wakalary açyp görkezýän, jadyly aýdym-saz dünýäsine çagyrýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, doly göwrümli bu çeper film Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen Türkmenistanyň telewideniýe radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi bilen bilelikde taýýarlady.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üçünji ýyllygy mynasybetli filmiň ilkinji görkezilişi 30-njy martda «Altyn asyr: Türkmenistan», «Ýaşlyk», «Miras», «Türkmen owazy», «Aşgabat» we «Arkadag» teleýaýlymlarynda «Watan» habarlar gepleşiginden soň (21.00) teletomaşaçylara görkezilipdi.

Kino muşdaklary täze filmi paýtagtyň kinoteatrlarynda tomaşa edip bilerler. 14-nji aprelde her gün iki gezek görkeziler: 15:00-da we 17:00-da. Şeýle hem film ýurduň ähli welaýatlarynyň etrap Medeniýet öýlerinde görkezilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews