«Mosfilmiň» altyn gaznasyndan alnan filmler Aşgabat kinoteatrynda görkeziler: Pursady elden bermäň!

SalamNews

10 Iýun, 2024

Aşgabatdaky Rus öýi sizi 7-9-njy iýun aralygynda «Aşgabat» kinoteatrynda geçiriljek «Mosfilm» kinostudiýasynyň 100 ýyllygyna bagyşlanan film görkezilişine çegyrýar.

Çäräniň maksatnamasy «Mosfilmiň» Altyn ýygyndysyndan iň halanýan filmleriniň görkezilişini öz içine alýar:

  • «Moskwa gözýaşa ynananok»

  • «Olar Watan üçin göreşdiler»

  • «Iwan Wasilýewiç kärini üýtgedýär» we başgalar.

Filmleriň tapgyry Leonid Gaýdaýyň «Iwan Wasilýewiç kärini üýtgedýär» atly eseri bilen açylar.

Meýdançada surat zolagy guralar. Şunlukda, bu ýere gelýänler ýadygärlik surata düşüp bilerler.

Film görkezilişi 8-nji iýunda 18:30-da Aşgabat kinoteatrynda açylar. Giriş tölegsiz.

Rus filmleriniň klassikleri bilen ýakyndan tanşyp, ýakymly pursatlary başdan geçirmek mümkinçiligini elden bermäň!

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews