ABŞ-dan gelen a kapella toparynyň Daşoguzda we Aşgabatda konsertleriniň senesi belli boldy

SalamNews

14 Aprel, 2024

Amerikaly a kapella toparynyň ýerine ýetirijileri Latonio Adriana Ariel (soprano), Dieni Molly Meri (alto/bas), Lisa Hawkins Toýoko (alto) halkymyzy aýdym-sazyň adybir ugry bilen tanyşdyrmak üçin Türkmenistana gelýär. Ozal habar berşimiz ýaly, sungat ussatlarynyň çykyşlary Daşoguz we Aşgabat şäherlerinde bolar.

Şu gün mälim bolşy ýaly, Daşoguzdaky konsert 12-nji aprelde Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda 19:00-da başlaýar. Konsert Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçiriler.

Amerikaly ýerine ýetirijileriň konserti Aşgabatda Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda 14-nji aprelde sagat 19:00-da başlar. Konsertde amerikaly sungat ussatlaryna Danatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite aýdym-saz mekdebiniň ýaş zehinleri bilen bilelikde çykyş eder.

«A kapella saz gurallary bolmazdan, adam sesleriniň abyrsyz güýjüni we gözelligini görkezýän tolgundyryjy sazlaşykdyr. Diňe ses usullary arkaly çylşyrymly sazlary we ritmleri döredýän owazlaryň simfoniýasyny göz öňüne getiriň» diýip, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy ýazýar.

Konsertlere girişiň mugtdugyny ýatladýarys.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews