75 ýaş toýy mynasybetli suratkeş Kakageldi Seýitmuhammedowyň döredijilik sergisi açyldy

SalamNews

11 Maý, 2024

1

1-nji maýda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi hem-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde guramagynda 75 ýaşynyň dolmagy mynasybetli Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, suratkeş Kakageldi Seýitmuhammedowyň şahsy döredijilik sergisi açyldy.

Sergide ussat suratkeş Kakageldi Seýitmuhammedowyň 64-den gowrak nakgaş, grafika ýaly sungat eserleri, şol sanda «Mele», «Kakam», «Dagdaky derýajyk», «Agtygym Kerwen», «Kasam», «Ata-Watan üçin», «Toýa barýarys», «Enejan», «Oýunçy», «Meniň ýaşlyk döwrüm» we beýleki işleri görkezildi.

Bu sungat eserlerinde bagtyýar zamanamyzyň waspy, oba durmuşy, Watanymyzyň peýzažy, milli däp-dessurlarymyz, gözelligi hem-de owadanlygy bilen tapawutlanýan ahalteke bedewlerimiziň ajaýyp keşbi beýan edilýär.

Sergä giriş — tölegsiz. Oňa 10 iş gününiň dowamynda baryp bolýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews