«Zophobas morio» öýdäki ähli plastik galyndylary gaýtadan işlemäge ýardam eder

SalamNews

16 Aprel, 2024

2

Sankt-Peterburgly alymlar plastmas materiallary aňsatlyk bilen siňdirýän we şonuň esasynda daşky gurşawy arassalamaga kömek edip biljek «Zophobas morio» tomzagynyň liçinkalarynyň iýmit endiklerini seljerendiklerini «Мир24» habar berýär

Sankt-Peterburg döwlet elektroenergetika uniwerisitetiniň talyp ýaşlary ispan kärdeşleriniň tejribelerini gaýtalamak kararyna geldiler, olar bu liçinkalary satyn aldylar we polimer gaplara saldylar, synag edilýän liçinkalaryň bir toparyna ösümlik iýmitleri, beýlekisine polistirol ýumurtga gaplaryny goýdular.

Liçinkalara däne we käşir has gowy ýarady. Muňa garamazdan, olar plastmas gaplardan hem ýüz öwrüp durmadylar. Üç ýüz jandara ýumurtga gabygyny iýmek üçin 20 gün gerek boldy.

«Zophobas morio» tomzaklarynyň liçinkalarynyň iýmit siňdiriş ulgamynyň esasan plastik galyndylary gaýtadan işleýän «tebigy zawotdygy» ýüze çykaryldy. Muňa olardaky bakteriýalardan bölünip çykýan fermentler kömek edýär.

Alymlar birnäçe müň liçinkaly kjam topary ulanyp, bir hojalygyň galyndylaryny gaýtadan işlemegiň mümkindigini hasapladylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews