«Zerim bar — zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler

SalamNews

11 Iýun, 2024

1

14-nji iýunda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde guramagynda «Zerim bar — zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly bäsleşigiň döwlet (jemleýji) tapgyry geçiriler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle-de türkmen halkynyň milli, medeni mirasynyň, senetçilik sungatynyň görnükli eserleriniň YUNESKO-yň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli mynasybetli ýaýbaňlandyryljak çäre döredijilik işgärlerini, höwesjeň zenanlary, edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleri, talyp-ýaşlary bir ýere jemlär.

Bäsleşik müňýyllyklaryň dowamynda ajaýyp sungat eseri derejesinde kämilleşen altyn, kümüş şaý-seplerimizi döredýän zergärleriň pederlerimizden miras galan däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza goýýan sarpasyny, türkmen milli lybaslaryny bezeýän şaý-seplerimizi, bedew atlarymyzyň esbaplarynyň bezeg işlerini döretmekde ussatlyklaryny, şahsy başarnyklaryny açyp görkezmek arkaly ýaşlarda zähmetsöýerligi, zergärçilik sungatyna bolan höwesi artdyrmak maksady bilen geçirilýär.

«Zerim bar — zergärim bar, bagtyýar zamanym bar» bäsleşigi Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçiriler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews