Ýokary okuwy tamamlaýan uçurymlar üçin «Iş ýarmarkasy» geçirildi

SalamNews

18 Aprel, 2024

1

17-nji aprelde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýokary okuw jaýynyň iňlis dilini bilýän, bilim alan hünäri boýunça döwrebap başarnyklary bolan ýaş hünärmenlerini işe çagyrmak boýunça «Iş yarmarkasy» (Career Fair) guraldy. Bu duşuşyk iş berijilere ýokary okuw mekdebiň talyplaryndan, özlerine gerek bolan başarjaň işgärleri saýlap almakda ajaýyp mümkinçilik boldy.

Ýarmarka iş berijilerden «Türkmentehnogurluşyk» ÝGPJ-niň, Döwlet radioýygylyk gullugynyň, Türkmenistanyň «Daýhanbank» Döwlet täjirçilik bankynyň, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, «Türkmenhemrasy» ÝGPJ, Kosmos müdirliginiň, «Türkmentelekom» Altyn asyr» ÝGPJ-niň, «Aşgabat şäher telefon ulgamynyň», Türkmenistanyň Döwlet hukuk we demokratiýa institutynyň, Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Habarlar portalynyň, Türkmen Döwlet habarlar portalynyň, «Türkmengaz» döwlet konserniň, Türkmenistanyň Baş Prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň, «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň, Sanly ulgam merkeziniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Türkmenistanyň «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we «Salam» hojalyk jemgyýetiniň wekilýeti gatnaşdylar, uçurymlar bilen söhbetdeş boldular.

Mundan başga-da, gelýän myhmanlar üçin ýokary mekdebiň guramaçylary tarapyndan milliligimizi şöhlelendirýän sergi guraldy. Sergide milli gymmatlyklarymyz, türkmen halylary, haly torbalary, dürli haly önümleri we zenan şaý-sepleri sergilendi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews