«SITEX 2024» sergisi türkmen telekeçilerini çagyrýar

SalamNews

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi «SITEX 2024» halkara dokma senagaty sergisiniň geçiriljekdigini we türkmen telekeçilerine oňa gatnaşmak mümkinçiligi barada habar berýär.

Sergi 4-nji iýuldan 7-nji iýul aralygynda Yspyhan şäherindäki halkara sergi merkezinde (Eýran Yslam Respublikasy) guralar. «Türkmenistan: Altyn asyr» web sahypasynyň habar bermegine görä, sergi dokma senagaty üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Bu sergi pudak täzelikleri bilen tanyşmaga we işewürligi hasam kämilleşdirmäge, müşderiler bilen duşuşmaga mümkinçilikdir.

Gatnaşmak isleýänler Eýran Yslam Respublikasynyň Mary welaýatyndaky Baş konsullygyna ýüz tutup bilerler: +99352260231.

(Guramaçylar: +989129472567; +989129479265)

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews