Pianinoçy Wladimir Mkrtumow Türkmenistanda konsert saparyna çykar

SalamNews

15 Maý, 2024

1

Türkmenistanyň at gazanan artisti, pianinoçy Wladimir Mkrtumowyň paýtagtymyzda geçirjek konsertinden öň bütin ýurda konsert sapary bilen aýlanmagy indi asylly dessuryna öwrüldi. Bu ýyl bolsa bu däp aýratyn häsiýete eýe boldy. Konsert sapary Arkadag şäherindäki täze Sungat mekdebinden başlanar.

17-nji maýda maestro hemmeleri bu mekdebiň zalyndaky Frederik Şopiniň eserleriniň konsertine çagyrýar. Giriş tölegsiz.

Indiki konsert 19-njy maýda Mary sungat mekdebiniň okuwçylary üçin berler we şol gün maestro Lebap sungat mekdebiniň okuwçylary bilen duşuşar. Bu konsertlere giriş hemmeler üçin mugt.

Soňra, 22-nji maýda ussat pianinoçy paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin «Aşgabat» medeni dynç alyş seýilgähiniň konsert zalynda çykyş eder.

Aşgabatdaky konserte petekleri satyn almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: 22-38-98, +993 63 467177/514157, +993 61 338829, +993 64 037456.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews