Wenada hereket edýän «it gözegçiligi» peýda boldy

SalamNews

2 Aprel, 2024

1

Wenanyň köçelerinde raýatlaryň itlerine dogry ideg etmegini ýola goýmak üçin ýörite iş topary işläp başlady.

Gözegçilik toparynda 20 sany hünär derejesi tassyklanan weterinar bar. Ýörite eşikli bu weterinarlar welosipedli Wena şäheriniň ähli künjegine gözegçilik edýärler.

Hünärmenler isleg bildirýänlere haýwanlara ideg etmek boýunça maslahatlaryny bererler. Mundan başga-da, it eýeleriniň iti gezdirmegiň düzgünlerini bozýandyklaryny duýsalar, olaryň itleriň ýüpsüzdigi ýa-da agyz bagyny dakmandygy barada polisiýa habar bermäge hukugy bolar. 

«It gözegçiligi» Wenanyň it eýeçiliginiň jogapkärçiligini artdyrmak boýunça ilkinji başlangyjy däl. «Ýewropulsyň» habar berşi ýaly, şäherde haýwanlary goramak boýunça ombudsmeniň edarasy bar we 2019-njy ýyldan başlap, it saklanýan ýerlerden it edinen ýa-da it satyn alan her bir adam ýörite kursa gatnaşmaga borçlandyryldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews