Özbegistanda agaç nahallaryny ekmek bilen baglanyşdyrylan eko-ylgaw «Aral Sea Eco Race» geçiriler

SalamNews

16 Aprel, 2024

1

18-nji aprelde Moýnakda özboluşly ýaryş bolar. Elbetde, ol ýaryş Özbegistanda agaç nahallaryny ekmek bilen baglanyşdyrylan eko-ylgaw «Aral Sea Eco Race»-dir.

Özbegistanyň Daşky gurşaw ministrligine salgylanyp, «Sputnik» gullugynyň berýän habaryna görä, bu eko-ylgaw Aral deňzini dikeltmek we agaç ekmek, jemgyýetde daşky gurşaw habardarlygyny ýokarlandyrmak üçin niýetlenendir.

Ýaryşda geçilmeli aralyk iki kilometr bolup, gatnaşyjylar başlangyç nokatdan agaç ekilýän ýere bir kilometr ylgaýarlar, şol ýerde saklanyp agaç ekýärler (gurallar guramaçylar tarapyndan üpjün edilýär), soň bolsa yza gaýdýarlar. Bu ýagdaýda her bir ylgawça berlen sanda agaç ekendigini belläp aljak bir çip birikdiriler.

Pellehana ýetip gelen gatnaşyjylara tebigaty dikeltmek taslamasyna goşantlaryny tassyklaýan simwoliki agaç görnüşinde medal gowşurylar. Iň oňat wagty görkezýän üç erkek we üç zenan gatnaşyjy ýadygärlik baýraklar bilen sylaglanar.

Eko-ylgawa islendik adam gatnaşyp biler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews