Türkmenistanda ýyladyşhana gök önümlerini gaýtadan işleýän täze kärhana döretmegi meýilleşdirilýär

SalamNews

Häzirki wagtda döwrebap ýyladyşhanalary ýurduň ähli welaýatlarynda diýen ýaly hereket edýär. Şeýle ýyladyşhanalaryň arasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişlileri gök önümleriň bol hasylyny ýygnaýarlar.

Şeýle-de, Balkan welaýatynyň telekeçileri tarapyndan gazanylan önümçilik görkezijileri, sebitdäki hususy pudagyň çalt depginde ösýändigini görkezýär. Bu ýyladyşhanalarda dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar ýerleşdirilip, içiniň howasyny nemlendirmek we suwaryş ulgamlarynyň işleri ýola goýlan.

Mundan başga-da, dürli gök önümleri ösdürip ýetişdirmek üçin gurulýan ýyladyşhanalar esasynda köp sanly iş orunlary döredi. Häzirki wagtda ýyladyşhanalarda agrotehniki talaplara laýyk gelýän şertlerde, pomidor, hyýar we bulgar burçlary ösdürip ýetişdirilýär.

Iş tertibi tomsuň ilkinji aýyna çenli tapgyrlaýyn yzygiderli alnyp barylýar. Şunluk bilen, ýyladyşhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty ýokary derejä ýetýär we diňe bir içki bazara däl-de, daşarky sarp edijilere hem ibermäge mümkinçilik döretýär.

Muňa bäsdeşlige ukyply we ekologiýa taýdan arassa  önümleriň Russiýa Federasiýasyna, Gazagystana we Özbegistan Respublikasyna eksport edilýändigi aýdyň şaýatlyk edýär. «Türkmenistan: Altyn Asyr» habarlaryna görä, bu pudagyň ussat telekeçileri häzirki zaman ýyladyşhanalarda ösdürilip, ýetişdirilýän önümleri gaýtadan işleýän zawod açmagy meýilleşdirýärler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews