Türkmenistanda şalynyň 82 müň tonnadan gowrak hasyly ýygnalar

SalamNews

4 Noýabr, 2022

Toý-baýramlaryň süýji nygmaty bolan, ýokumlylygy hem şireliligi taýdan aýratyn tapawutlanýan daşoguz tüwüsi, esasan, Aýböwür ýaýlasynda ýerleşýän Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda öndürilýär. Bu ýyl etrabyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 4750 gektardan 20500 tonna, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde 3350 gektardan 14500 tonna şaly ýygnamak göz öňünde tutulýar diýip, Türkmenistanyň resmi metbugatynda habar berilýär.

Bol hasyly ýetişdirmek üçin daýhan birleşikler kärendeçileriň ýüzlerçesi bilen şertnama baglaşdy. Welaýat boýunça şaly ekilen 8100 gektar meýdandan jemi 35 müň tonna hasyl almak maksat edinilýär. Häzirki wagtda şaly meýdanlarynda ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň 60-dan gowragy bökdençsiz işledilýär.

Ýöriteleşdirilen hojalyklaryň ussat kärendeçileri oragyň ilkinji günlerinde her gektardan 45 — 50 sentner şaly ýygnap, şertnamalaýyn tabşyryklaryny artygy bilen berjaý etdiler. Welaýat boýunça şalynyň esasy böleginiň öndürilýän ýeri bolany üçin Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hasyly aýawly saklamaga hem-de gaýtadan işlemäge niýetlenen kuwwatly kärhanada täze hasyl bökdençsiz kabul edilip hem-de gaýtadan işlenip, tüwi öndürilýär. Kärhananyň 2 sany ýöriteleşdirilen dükanlarynda öndürilen dürli görnüşli önümler sarp edijilere bökdençsiz ýetirilýär.

Ýurdumyzyň şaly ösdürilip ýetişdirilýän Lebap welaýatynda hem şaly oragyna girişildi. Welaýatyň şalyçylary ekin üçin bölünip berlen 10200 gektar ýerden 47300 tonna hasyl almagy maksat edinýärler. Şaly ýygnaýjy maşynlaryň netijeli ulanylmagy netijesinde welaýatyň şalyçylary günde ortaça 1500 tonna töweregi şaly hasylyny hasyl kabul ediji ammarlara tabşyrýarlar. Şaly hasylyny netijeli ýygnamakda welaýatyň Çärjew, Saýat we Halaç etraplary has-da tapawutlanýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews