Arkadag şäherinde «TESC-2024» atly halkara ylmy maslahat geçiriler

SalamNews

15 Maý, 2024

1

5 — 6-njy iýunda Arkadag şäherinde «Uglewodorod känlerini işläp taýýarlamagyň energetika geljegi, täze tehnologiýalary we ekologiýa jähtleri» atly halkara ylmy maslahat (TESC-2024) geçiriler.

Çäräni Türkmenistanyň milli energiýa kärhanasy «Türkmen forum» we «GaffneyCline» iňlis kompaniýasy bilen bilelikde guraýar.

Çärede nebitgaz pudagynyň öňdebaryjy hünärmenleri, alymlar we halkara guramalarynyň wekilleri energetikanyň geljegi bilen bagly wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Maslahatyň maksady Türkmenistanyň döwlet guramalary bilen daşky gurşawy goramak hem-de ýaşyl geljege gönükdirilen iri energetika kompaniýalarynyň, akademiki jemgyýetleriň we maliýe edaralarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda jemlenýär.

Maslahat şahsy we onlaýn görnüşde geçiriler. Gatnaşanlaryň hasaba alynmagy häzirki wagtda guramaçylaryň web saýtynda açykdyr.

Forumyň işewürlik, ylym we döwlet edaralarynyň wekilleriniň işewür gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýe bolmagyna garaşylýar.


Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews