«Samsung Electronics» kompaniýasy «Galaxy AI»-da rus diliniň mümkinçiliklerini giňeldýär

SalamNews

17 Aprel, 2024

1

«Samsung Electronics» kompaniýasy «Galaxy AI»-da dil goldawyny giňeldip, umumy sanawa rus dilini goşmak bilen üç sany täze dil goşdy. Bu ýerde telefon gepleşiklerini hakyky wagtda terjime etmegiň akylly mümkinçiligi hakynda gürrüň gidýär.

Öndürijiniň resmi web sahypasy «Galaxy AI»-yň ýakyn wagtda giňelmegine seredip, indonez we rus dillerini, şeýle hem üç sany täze şiwäni: Awstraliýanyň iňlis dilini, hytaý diliniň kanton şiwesini we kanadalylaryň fransuz şiwesini goşjakdygyny aýdýar.

Indi has köp «Samsung» smartfonlarynyň eýeleri iki taraplaýyn ses terjimesinden we jaňlaryň ene dilinde hakyky wagtda terjime edilmeginden peýdalanyp bilerler. Bu, mysal üçin, syýahat wagtynda myhmanhanalary bron edeniňizde peýdalydyr.

Ýakyn geljekde dilleriň sanawy giňeldiler we bu gezek rumyn, türk, golland we şwed dillerini öz içine alar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews