«Ýaşyl geljegiň umytlary» atly fetiwal geçiriler

SalamNews

16 Aprel, 2024

30-njy martda Türkiýäniň Halkara nol galyndylar güni we 23-nji aprel Çagalar güni mynasybetli Aşgabatdaky türkmen-türk mekdebi «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde «Ýaşyl geljegiň umytlary» atly festiwal geçirer. Festiwala çagalar öz maşgalalary bilen bilelikde gatnaşyp bilerler. Çäräniň maksady daşky gurşawy goramagyň ähmiýetini ýaýmak, galyndylaryň mukdaryny azaltmak, gaýtadan işlemekligi artdyrmak we ekologiýa durnuklyly saklamaga çagyrmakdan ybaratdyr.

Festiwal 23-nji aprelde Türkmen-türk mekdebinde geçiriler we myhmanlara dürli oýunlar, bäsleşikler, eko-kwestlar, aýdym-saz, gözbagçylar, sergi we ussatlyk sapaklary garaşýar.

Çagalar festiwaly açylyş dabarasy bilen başlar. Giriş tölegsiz.

Habarlaşmak üçin:

(+99312) 94-03-19

(+99312) 94-03-26

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews