Aşgabatda fransiýaly pianinoçy Joanna Gudal «Barokka-Bagşy» konserti bilen çykyş etdi

SalamNews

15 Aprel, 2024

1

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Ýaşlar kamera orkestriniň ýardam bermeginde fransuz pianinoçysy Joanna Gudalyň «Barok-bagşy» konserti geçirildi.

Konsert meýilnamasynda Joanna Gudalyň aranžirokasy esasynda XVIII asyr fransuz kompozitory Žan Filipp Ramonyň guşlar mowzugyna degişli eserleri ýerine ýetirildi. Şeýlelik bilen, konsertiň birinji bölüminde diňleýjiler sazyň Barokka äheňinde ajaýyp eserler döreden Žan Filipp Ramonyň sazlary bilen tanyşdylar diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Joanna Gudal zehinli pianinoçy, şeýle hem adatdan daşary tejribe ukyplaryna eýe. «Barokka-Bagşy» taslamasy Gündogar bilen Günbataryň gadymy sazyny häzirki zaman sazy bilen birleşdirmek isleginden döräpdir. Joanna geçmişe — Beýik Ýüpek ýolunyň döwrüne ýüzlendi. Şol döwürde syýahatçylar we söwdagärler diňe bir haryt däl, eýsem ruhy gymmatlyklar hem alyş-çalyş etdiler. Onda näme üçin fransiýaly klawesin çalýan sazanda we Türkmenistandan gelen dutarçy ussat dürli yklymlary birleşdirýän ýollaryň çatrygynda duşuşmaly däl?!

Şeýlelik bilen sahna eli dutarly Osman Güjimow çykýar. Ol Joanna Gudal bilen goşulyp «Nar agajy» türkmen halk sazyny ýerine ýetirdiler. Pianino bilen dutaryň sesleri birleşýär. Konsertiň ahyrynda Joanna Gudal meşhur «Balsaýat» sazyny ýerine ýetirdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews