Indi Italiýada «sanly çarwa» wizasy hereket eder

SalamNews

21 Aprel, 2024

1

Italiýa wizanyň täze görnüşini hödürledi. Ol «sanly çarwa» diýen at bilen hereket eder.

Bu wiza (Italiýada hasaba alynmadyk) daşary ýurtly bir kompaniýanyň işgärine uzakdan işlemek şerti bilen bir ýyla çenli ýurtda ýaşamak hukugyny berýär. Sanly çarwa ýerli kompaniýalarda işläp ýa-da gazanç edip bilmez.

Wiza ýokary hünärli işçiler üçin niýetlenendir. Bu, dalaşgäriň ýokary bilimli ýa-da 5 ýyldan gowrak iş tejribesi bolmalydygyny aňladýar. Mundan başga-da, anketa tabşyran wagtyňyz azyndan 6 aý uzakdan işlän bolmaly.

Wiza almak üçin dalaşgäriň ýyllyk girdejisi 28 müň ýewrodan az bolmaly däl. Şeýle hem saglyk ätiýaçlandyryşy we Italiýada geçirmegi meýilleşdirýän döwri üçin ýaşamaly ýeri bolmaly. Şeýle hem, ýüz tutanlar soňky bäş ýylda jenaýat jogapkärçiligine çekilmändigini subut edýän resminamalary bermeli.

«Sanly çarwa» wizasy üçin ýüztutma ýaşaýan ýeriňizdäki Italiýanyň konsullygynda şahsy görnüşde berilmelidir.

Häzirki wagtda Horwatiýa, Estoniýa, Malta we Ispaniýa ýaly Ýewropa ýurtlary «sanly çarwa» üçin wiza meýilnamalaryny hödürleýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews