Türkmenistanyň Serhet instituty 2024-2025-nji okuw ýyly üçin dalaşgärleri seçip almak üçin resminamalary kabul edip başlady

SalamNews

7 Fewral, 2024

Türkmenistanyň Serhet instituty 2024-2025-nji okuw ýyly üçin dalaşgärleri seçip almak üçin resminamalary kabul edip başlandygyny habar berýär. Bu baradaky bildiriş «Mugallymlar gazeti» gazetinde çap edildi.

Türkmenistanyň Serhet institutynyň ýokary hünär okuwyna 2024-2025-nji ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Serhet institutyna okuwa isleg bildirenler resminamalaryny tabşyrmak üçin ýaşaýan ýerlerine golaý Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna degişli bolan harby bölümlere geljek ýylyň 31-nji martyna çenli ýüz tutmalydyr.

Okuwa 24 ýaşdan uly bolmadyk, orta mekdebi tamamlan we çagyryş boýunça harby gullugy geçen dalaşgärler resminamalaryny tabşyryp bilýärler. Ýöriteleşdirilen harby mekdebi tamamlanlar üçin aňrybaş ýaş çägi 25 ýaşdyr.

Dalaşgär okuwa şu resminamalary tabşyrmalydyr: — rektoryň adyna ýazylan arza;
— terjimehal;
— ýaşaýan ýerinden kepilnama;
— ene-atasynyň iş ýerlerinden kepilnama;
— soňky iş ýa-da okan ýerinden häsiýetnama;
— lukmançylyk güwänamasy;
— pasport nusgasy;
— harby biletiň nusgasy;
— bar bolsa, zähmet depderçesi;
— orta bilim hakynda attestat;
— 9х12 ölçegli 1 we 3х4 ölçegli hem 9 sany surat.

Türkmenistanyň Serhet institutyna giriş synaglary orta bilim maksatnamasy boýunça türkmen dili, Türkmenistanyň taryhy we matematika derslerinden tabşyrylýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews