Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalaryny kabul edip başlady

SalamNews

7 Fewral, 2024

1

1. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutyna içeri işler edaralarynyň işgärlerine bildirilýän talaplara doly gabat gelýän, orta we orta hünär bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli 26 ýaşy dolmaýan erkek raýatlar, şeýle hem 18 ýaşdan kiçi bolmadyk we 23 ýaşy dolmadyk zenan raýatlar kabul edilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

2. Şu aşakdaky fakultetlere okuwa kabul edilýär: — hukuk fakulteti; — ýörite edaralar fakulteti; — ýangyn-tehniki fakulteti; — içerki goşunlar fakulteti. 3.Dalaşgärleriň resminamalary ministrligiň institutynyň okuw merkezinde 2024-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň 2056-njy (Ş.Batyrow) köçesiniň 9-njy jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 36-45-17, 36-44-97.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews