Türkmenistanly gyz Litwanyň futbol klubunda çykyş edip başlady

SalamNews

27 Fewral, 2023

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň futbolçysy Maýa Musaskaýa Litwanyň «Žalgiris» klubunda ilkinji duşuşygyny geçirdi.

Ildeşimiz toparyň Litwanyň Futbol assosiasiýasynyň Gyşky zenanlar kubogynyň çäginde «Wilnýus» toparynyň garşysyna geçiren duşuşygynda çykyş etdi. Bu oýunda türkmenistanly gyzyň çykyş edýän topary garşydaşyndan 2:1 hasabynda ýeňildi. Maýa Musaskaýa toparda 80-lik belgini göterýär.

Zehinli ildeşimiziň şu ýylyň ýanwarynda Türkiýäniň «Dudulluspor» toparyndan gaýdandygyny ýatladýarys.

Aşgabadyň futbol hem-de futzal toparlarynda kämilleşip, tejribesini Ýewropanyň klublarynda artdyrýan ildeşimiziň karýerasynyň uly ýeňişlere beslenmegini arzuw edýäris. Çünki ol daşary ýurtlaryň ligasynda çykyş edýän ilkinji türkmenistanly gyzdyr.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews