Türkmenistan Hytaýda geçiriljek Halkara bagbançylyk sergisine gatnaşar

SalamNews

18 Aprel, 2024

1

Türkmenistan 26-njy aprelden 28-nji oktýabr aralygynda Hytaýyň günorta-günbataryndaky Çendu şäherinde geçiriljek Halkara bagbançylyk sergisine gatnaşar. «Uly Aziýa» teleýaýlymynyň habaryna görä, sergide dünýäniň çar künjeginden bagbançylyk ekinleri hödürlener.

186 gün dowam etjek serginiň çäginde 2 müňden gowrak dürli çäreler guralar. Munuň üçin Çengdu şäherinde daşary ýurtly myhmanlar üçin amatly şertler döredildi. Şähere giriş we çykyş ýagdaýlary ýönekeýleşdirildi, töleg ulgamyny kämilleşdirilip, çäre üçin saglygy goraýyş ulgamyny ýörite taýýarladylar.

Şu güne çenli 113 sergi seýilgähiniň, alty sany esasy pawilýonynyň we dört şahamçanyň gurluşygy tamamlandy. Wensziýan şahamçasynda «bonsai» mowzugy bolar, Sinszin şahamçasy agronomiýa, Pidu etrap bölümi bolsa gül pudagyna üns berer. Sýunlaý şahamçasy biodürlülik mowzugyna bagyşlanar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews