Türkmenistan awtoulag önümleri pudagyndaky üstünliklerini Astanada görkezer

SalamNews

17 — 19-njy aprel aralygynda Astana şäherinde awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň, enjamlarynyň we şu ugurda hyzmat etmek boýunça önümleriň «Automechanika Astana» sergisi geçiriler. Gazagystanda we Merkezi Aziýada şu ugur boýunça iň uly sergi bolup durýandygyny bellemek gerek.

Sergi Astanadaky «EXPO» halkara sergi merkezinde guralar we halkara giňişligini awtoulag önümleriniň, hyzmatlaryň we tehnologiýalaryň giň toplumy bilen tanyşdyrar. 20 ýurtdan 400-den gowrak önümiň görkeziljek sergisine 15 müňden gowrak myhmanyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Häzirki wagtda sergi meýdançasy takmynan 13 müň indedördül metre ýetýär. Sergä Daniýa, Germaniýa, Hindistan, Ispaniýa, Italiýa, Gazagystan, Hytaý, Litwa, Malaýziýa, Taýland, Türkmenistan, Türkiýe, BAE, Polşa, Russiýa Federasiýasy, ABŞ, Estoniýa, Günorta Koreýa, Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň gatnaşmagy Merkezi Aziýa bolan gyzyklanmanyň global derejededigine aýdyň şaýatlyk edýär.

«Gazeta.uz» tarapyndan berlen habarda aýdylşy ýaly, giň gerimli sergi diňe bir söwda pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik döretmän, eýsem, bu pudakda pikir we tejribe alyşmak üçin hem özboluşly platforma öwrüler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews