Türkmenistanyň ilçihanasy Russiýanyň çagalar öýlerine kömek berdi

SalamNews

Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasy Moskwada geçirilen «Bahar haýyr-sahawat bazary» çäresine gatnaşdy. Bu barada Moskwadaky türkmen diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Paýtagtyň «Lotte Plaza» myhmanhana toplumynda geçen bu çäräniň maksady agyr keselleri bolan mümkinçiligi çäkli, şol sanda eşidiş ukyby pes bolan çagalara bejeriş we dikeldiş kömegini bermekden ybarat.

Çäräniň dowamynda türkmen tarapy dokma önümlerini, el halylaryny we halk sungat hem senetçilik eserlerini görkezdi we satuwa çykardy.

Türkmen diplomatik wekilhanasynyň wekilleri şol önümleri satmak bilen alan girdejisini Moskwa sebitindäki we Krasnodardaky çagalar öýlerine we internatlaryna bagyşladylar.

Bu çäre Afrika ýurtlary, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Assosiasiýasy we «Проникая в сердце» haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan guraldy.

Çärä diplomatik gulluklaryň wekilleri, Russiýanyň we beýleki ýurtlaryň jemgyýetçilik, medeniýet hem sungat işgärleri gatnaşdylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews