«Türkmenaragatnaşyk» agentligi wagyz-nesihat çäresini geçirdi

SalamNews

2

Şu gün — 15-nji maýda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň eserlerinden ugur alnyp, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek we olarda ruhy-ahlak medeniýetini kemala getirmek boýunça amal edilýän ähmiýetli ädimlere bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan gurnalan çärä ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, agentligiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri hem-de Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

«Türkmen halkynyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň Watan hakyndaky goşgulary, halkyň abadan, parahat durmuşyna, mukaddes topraga bagyşlanan öwüt-ündew häsiýetli setirleri ýaş nesiller üçin terbiýe mekdebi bolup durýar» — diýlip, bu ýerde edilen çykyşlarda bellendi.

Şeýle hem, wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Çilim çekmegil», «Munda çilimkeş», «Neşekeş», «Çilimkeş», «Naskeş» we «Nas atan» ýaly goşgularynyň sagdyn bedenli, kämil ruhly we ösen aň-düşünjeli ýaşlary terbiýelemekde, ynsan saglygyna zyýan berýän ýaramaz endiklere garşy göreşmekde uly ähmiýete eýedigi bellenip geçildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews