«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň degişli edarasynda okuw-usuly maslahat geçirildi

SalamNews

Şu gün — 24-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Poltehniki orta hünär okuw mekdebinde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw-usuly geňeşiniň maslahaty geçirildi.

Orta hünär okuw mekdebiniň direktorynyň giriş sözi bilen başlanan maslahatda ähmiýetli meseleleriň ençemesine seredildi. Bu ýerde mugallymlaryň amaly, tejribe we söhbet sapaklaryny täsirli geçmeginiň usulyýetleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, Türkmenistanda ýaşlary hünäre ugrukdyrmak boýunça resminamalardan gelip çykýan wezipelere uly ähmiýet berildi. Hünär bilim edaralarynda okuw sapaklary barada pikirleriň esasynda olara edilýän okuw hyzmatlarynyň hilini kämilleşdirmek boýunça Gözükdiriniň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler hakyndaky maglumatlar maslahatyň esasy temasyna öwrüldi. Bu ýerde «Magtymguly Pyragynyň ömür beýany» diýen tema boýunça edilen çykyş uly üns bilen diňlenildi.  

Orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren sahnasy hem-de aýdym-sazly çykyşlary maslahata gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri döretdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews