«Türkmenaragatnaşyk» agentligi hyzmatlaryny kämilleşdirýär: «Sanly.tm» ulanyjylaryň maglumat goraglylygyny kepillendirýär

SalamNews

1

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän asylly işler täze ösüşlere badalgadyr. Şunda dünýä tejribesinde uly orna eýe bolan sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

«Türkmentelekom» EAK-nyň hünärmenleri dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenip, sanly ulgama geçmegiň öz milli nusgasyny işläp taýýarlaýarlar we ýurdumyzyň ähli ulgamlaryna sanly özgertmeler işjeň ornaşdyrylýar.

Kompaniýanyň hünärmenleri tarapyndan ýola goýlan «sanly.tm» portaly we milli poçta bukjasy maglumatlary alyş-çalyş etmek bilen gündelik iş amallaryny awtomatlaşdyrýar. Netijede wagty we zähmeti ep-esli tygşytlaýar. 

Ulanyjylar üçin milli äheňde we türkmen, rus dillerindäki aňsat interfeýsli düzülen «sanly.tm» milli elektron portaly poçta, senenama, elektron gözleg ulgamy, iň täze habarlar, howa maglumaty, poçta arkaly söhbetdeşlik ýaly modullary öz içine alýar.

«sanly.tm» portalynda: e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynyň, «Belet Video», «Belet film» onlaýn kinoteatr platformasynyň hem-de ýurdumyzyň söwda nokatlarynyň we Internet dükanlarynyň salgylanmalaryna girip, olaryň onlaýn hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiligi hem döredilendir.

Şeýle-de «sanly.tm» portalynda ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän möhüm wakalar we täzelikler ýerleşdirilýär. Bu bolsa «sanly.tm» poçtasyny ulanyjylaryň möhüm habarlardan gyzgyny bilen tanyş bolmaklaryny üpjün edýär.

Sanly.tm milli poçta bukjasy – dünýä ülňülerine laýyk gelýän ähli modullary özünde jemläp, her ulanyja berilýän poçta göwrüminiň paýy 2G/B-a barabardyr.

«Sanly.tm» tarapyndan ýuridiki şahslar üçin hödürlenýän korporatiw poçta hyzmaty bolsa kiçi kärhanalaryň we iri kompaniýalaryň işgärleriniň özara iş prosesini ýeňilleşdirmek we işleriň sazlaşykly alnyp barylmagyny üpjün edmek maksady bilen ýola goýuldy.

Korporatiw poçta hasaba alnandan soň, kärhananyň her bir hünärmeniniň özbaşdak elektron poçta salgysy bolýar. Bu salgy boýunça ulanyjylar ummasyz mukdarda bukjalary döredip bilýär. Bukjalaryň sanyny islendik wagt artdyryp bolýar.

«Sanly.tm» portalynda korporatiw poçta hyzmatyny  siz hem açyp bilersiňiz!

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews