«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň döwrebap mümkinçilikleri: «Türkmentelekom» EAK-nyň hyzmatlaryny onlaýn dolandyryň!

SalamNews

1

«Türkmentelekom» EAK-nyň «Şahsy otag» milli onlaýn programma üpjünçiligi we mobil goşundysy müşderilere aragatnaşyk hyzmatlaryndan has amatly peýdalanmaklary üçin işe girizildi.

«Şahsy otag» milli onlaýn programma üpjünçiligi we mobil goşundysy arkaly aşakda görkezilen mümkinçilikleri amala aşyryp bilersiňiz:

  • -  Internet, IPTV, telefon hyzmatlary, «Belet Video», «Belet Film» onlaýn kinoteatr platformasy boýunça ýüze çykyp biljek näsazlyklar barada sargyt ibermek (Sargytlar tehniki işgärler tarapyndan kabul edilip, gysga wagtyň dowamynda zerur bolan geçirmek-çalyşmak işleri alnyp barylýar);

  • -  Aragatnaşyk hyzmatlarynyň sanawyny görmek we täze girizilýän hyzmatlaryň görnüşleri bilen tanyşmak;

  • -  Aragatnaşyk hyzmatlaryny birikdirmek, aýyrmak we bu hyzmatlaryň nyrh meýilnamasyny saýlamak hem özbaşdak üýtgetmek;

  • -  Ähli geçirilen tölegleriň sanawy we möçberleri barada takyk maglumat bilen tanyşmak;

  • -  Bank karty arkaly aragatnaşyk hyzmatlarynyň hasabyny gije-gündiziň dowamynda nagt däl görnüşinde amala aşyrmak ýaly hyzmatlary onlaýn ýerine ýetirmek.

«Şahsy otag» müşderileriň özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna dessine jogap tapmaklaryna we kompaniýanyň alyp barýan işleri barada doly maglumatlary almaklaryna mümkinçilik berýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews