Sanly marketing we onlaýn satuw boýunça okuwlaryň başlamagy: ÝDÖB Türkmenistanda telekeçiligi ösdürmegi goldaýar

SalamNews

5

15-nji aprelde paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda telekeçilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen treningler başlady.

«Sanly marketing we 2024-nji ýylda onlaýn satuw. Başlamak. Ulaltmak we ýalňyşlaryň üstünde işlemek» diýlip atlandyrylan bu okuw treningler Ýewropa Bileleşiginiň Dikeldiş we Ösüş Banky (ÝDÖB) bilelikde we Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy bilen guraldy.

Oňa hyzmatlar, söwda we önümçilik ýaly dürli iş ugurlaryndan 70 töweregi telekeçi, şeýle hem kiçi we orta kärhanalaryň wekilleri gatnaşýar.

Okuwyň ilkinji güni, internetde harytlary we hyzmatlary satmak üçin gurallary gözden geçirmeklige bagyşlandy. Esasy mowzuklar bazar ýerleri, onlaýn dükanlar, giriş sahypalary, satuw we eksport ugurlary ýaly korporatiw web sahypalary, şeýle hem sosial ulgamlary mahabatlandyrmak üçin ulanmak hakda boldy.

Aýratyn ugur ýunit ykdysadyýeti düşünjesine, ýagny önümçiligiň çykdajylaryny ödemek üçin zerur önümiň iň pes bahasyny hasaplamaga aýratyn üns berilýär.

Okuwda Gazagystanyň hünärmenleri çykyş edýärler. Bu okuw gatnaşyjylara onlaýn önüm satuwyny netijeli ýola goýmak we ösdürmek, şeýle hem onlaýn işini onlaýn tanatmak üçin onlaýn gurallary ulanmak barada has çuňňur düşünmäge mümkinçilik berer.

Okuwyň 19-njy aprele çenli dowam etjekdigini bellemelidiris. Okuwyň hilini ýokarlandyrmak üçin guramaçylar gatnaşyjylary 2 topara böldüler. Okuwyň birinji topary önümçilik kompaniýalaryny we haryt satýanlary öz içine alýar. Ikinji topar hyzmatlary berýän kompaniýalardan düzüldi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews