Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi: möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meselelere garaldy

SalamNews

1

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň çykyşlary diňlendi. Olar dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, däne ýygýan kombaýnlary we bugdaý daşaýan awtoulaglary doly güýjünde işletmek, galla kabul ediş kärhanalarynda bugdaý hasylyny bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça meýdanlarynda ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň ilaty ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatlarda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň degişli sebitlerinde gant şugundyrynyň ekiljek meýdanlary kesgitlenilip, bugdaýdan boşan ýerlerde sürüm, tekizleýiş we geriş çekmek işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim welaýatda Ylymlar güni mynasybetli guraljak dabaralara taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda oba hojalykçylaryň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi hem-de ýetişdirilen bugdaý hasylyny doly ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli alnyp barylmalydygyny, gant şugundyrynyň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda galla oragyna girişilip, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak hem-de kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Ýeralmany we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, bu önümler bilen bazarlary üpjün etmek işleri guramaçylykly dowam edýär.

Daşoguz welaýatynda şaly ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar, ideg işlerine başlamaga taýýarlyk görülýär, Lebap welaýatynda bolsa şaly ekişine girişmek üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Mary welaýatynda güýzlük gant şugundyrynyň ekiljek meýdanlaryny sürmek we tekizlemek, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda örän jogapkärli möwsümiň dowam edýändigine ünsi çekdi we galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegini, möwsüme gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegini, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda galla oragyna girişilendigini, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa indi girişiljekdigini aýdyp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň gysga möhletlerde we ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews