«Samsung» rekord derejesindäki tiz hereketli RAM-y döretdi

SalamNews

18 Aprel, 2024

Kompaniýa 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda 10,7 Gbit/s tizlikli «LPDDR5X» köpçülikleýin önümçiligi başlar.

Ösen tehnologiýalar boýunça dünýäde öňdebaryjy «Samsung Electronics» pudagyň ilkinji «LPDDR5X» tiz ýadyň önümçiligini ösdürip başlady. Kompaniýanyň resmi web sahypasynda bellenilişine görä, täze önüm sekuntda 10,7 gigabaýt (Gbit / sek) çenli iň ýokary tizligini hödürleýär.

12 nanometr prosess tehnologiýasyny ulanyp, kompaniýa bar bolan «LPDDR»-leriň arasynda iň kiçi çipi döretdi.

«Pes energiýa güýjüni talap edýän, uly ýat göwrümi özünde jemleýän «LPDDR DRAM»-lara bolan uly isleg, diňe mobil enjamlarda däl, eýsem kompýuterler, tizlendirijiler, serwerler we awtomobillerde hem ulanmaklygy giňelder» diýip, kompaniýanyň ýat önümçiligi boýunça wise-prezidenti Yong Cheol Bae aýtdy.

«Samsung»-yň 10,7 Gbit/s «LPDDR5X» öndürijiligini 25 göterimden, kuwwatyny bolsa öňki nesil bilen deňeşdirilende 30 göterimden gowrak ýokarlandyrýar. Şeýle hem bir ykjam DRAM paketiniň kuwwatyny 32 GB çenli ýokarlandyrýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews