Abulkasym Ferdöwsiniň döredijiligine bagyşlanan çäre

SalamNews

15 Maý, 2024

1

14-nji maýda Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Medeniýet merkeziniň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň bilelikde guramagynda beýik şahyr Abulkasym Ferdöwsiniň döredijiligine bagyşlanan çäre geçirildi.

Medeni çäräniň açylyşynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Nawid Rasuli we beýleki abraýly myhmanlar çykyş etdiler.

Akyldar şahyryň pars dilindäki goşgulary okaldy. Pars dilini öwrenijileriň ýerine ýetiren ajaýyp aýdymy we pianinoda çalnan saz medeniýet merkezindäki çäräniň bezegine öwrüldi.

Şeýle-de, ýokary okuw mekdebiň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde Abulkasym Ferdöwsiniň «Şanama» eserinden taryhy sahna görkezildi.

Dabaraly çäräniň ahyrynda guramaçylar myhmanlara datly tagamlardan hödür etdiler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews