Rowaýaty basketbolçynyň çempionlyk ýüzügi rekord baha satyldy

SalamNews

2 Aprel, 2024

1

NBA-nyň hem-de «Los Anjeles Leýkersiň» rowaýaty ýyldyzy, merhum basketbolçy Kobe Braýantyň çempionlyk ýüzükleriniň biri rekord baha satyldy.  «Los Anjeles Leýkers» bilen 5 sapar NBA-nyň çempiony bolan Braýantyň 2000-nji ýyldaky çempionlyk ýüzügi geçirilen auksionda 927 müň dollara satyn alyndy. Braýant karýerasyndaky ilkinji çempionlygynyň ýüzügini kakasyna sowgat beripdi.

Auksionda 43 gezek teklip berlen ýüzük NBA-nyň taryhynda iň gymmat baha satylan çempionlyk ýüzügi hökmünde hasaba alyndy. Häzirki wagtda sportuň taryhynda çempionlyk ýüzükleriniň arasynda rekord 2,09 million dollara satyn alnan meşhur beýsbolçy Beýb Rutuň 1927-nji ýylda gazanylan çempionlyk ýüzügine degişlidir.

NBA-nyň meşhur basketbolçysy, Kobe Braýant 2020-nji ýylda 43 ýaşynda dikuçar heläkçiliginde aradan çykypdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews