«Elektroenergetika pudagynda energiýa tygşytlylygy boýunça innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň halkara tejribesini öwrenmek» atly okuw sapagy geçirildi

SalamNews

16 Aprel, 2024

1

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikdäki «Türkmenistanyň durnukly şäherleri: Aşgabatda we Awazada toplumlaýyn ýaşyl şäherleri ösdürmek» taslamasynyň çäginde 2024-nji ýylyň 11-12-nji aprelinde Mary şäherinde «Elektroenergetika pudagynda energiýa tygşytlylygy boýunça innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň halkara tejribesini öwrenmek» atly okuw sapagy geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hünärmenleri, Türkmenistan Döwlet Energetika institutynyň mugallymlary we talyplary, TDEI-yň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» Ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri we BMGÖM-yň Türkmenistanyň durnukly şäherleri ösdürmek taslamasynyň boýunça hünärmenleri we halkara geňeşçileri gatnaşdylar.

Okuw sapagynyň maksady elektroenergetika pudagynda energiýa tygşytlylygy boýunça innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň halkara tejribesini öwrenmekdir. Sapagyň dowamynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, TDEI hünärmenleriniň bilen bilelikde, elektroenergetika pudagynda energiýa tygşytlylygy boýunça innowasion tehnologiýalary babatdaky maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin dürli ýerine ýetirilýän işleri we BMGÖM-yň taslamasy bilen tanyşdyryldy.

Gatnaşanlar BMGÖM-iň «Durnukly şäherler» taslamasynyň energiýa tygşytlylygyny we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, şol sanda 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmegiň milli strategiýasy, Türkmenistanyň kanuny bilen baglanyşykly kadalaşdyryjy hukuk hereketlerini ösdürmek ugrundaky işleri bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, Döwlet Energetika instituty bilen MBGÖM taslamasy babatda birlikde geçirip biljek işleri barada maslahatlaşyldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews