USAID-iň YDA Taslamasy «Startup Bootcamp» maksatnamasynyň başlanýandygy yglan edýär

SalamNews

2

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) «Oguzabat» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde «Startup Bootcamp» maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň Kabul edilşigini yglan edýär. Maksatnama ýokary tehnologiýalar ulgamynda öz ideýalaryny/taslamalaryny startaplara öwürmek ýa-da işleýän startaplary gowulandyrmak we gerimi giňeltmek isleýän ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Maksatnama şu aşakdaky mümkinçilikleri açar:

  • Ökde maslahatçylardan, tälimçilerden we üstünlikli telekeçilerden startap-taslamalary işläp düzmegi öwrenmek;

  • Taslamany durmuşa geçirmek meýilnamasyny düzmek: taslamanyňyzyň maksatlaryny, wezipelerini, gerek bolan serişdelerini we töwekgelçiliklerini kesgitlemek we ony bazara görä kämilleşdirmek;

  • Müşderleriňizi kesgitlemek, özboluşly satuw teklibiňizi seljermek, işläp düzmek we synagdan geçirmek;

  • Öz startapyňyzy ösdürmek we gerimini giňeltmek, onuň netijeligini hem girdejililigini ýokarlandyrmak.

Iň oňat startaplaryň awtorlaryna «Hi-Tech Turkmenistan 2024» halkara forumynda we sergisinde öz taslamalaryny maýadarlara hem-de iri halkara kompaniýalarynyň wekillerine hödürlemäge mümkinçilik beriler.

Bu maksatnama gatnaşmak üçin şu linkdäki ýüz tutma formasyny 2024-nji ýylyň 21-nji iýunynda sagat 10:00-a çenli doldurmaly:

https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLScpRC94VIIdWM7TZDM4CioWp07bUw29UY-zyIxs9f7pPyN-Zw/viewform

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews