Geçen ýylky modelden has arzan heçbek: «Mazda3 2025» hödürlendi

SalamNews

11 Iýun, 2024

1

2025-nji ýylyň «Mazda3» modeliniň indi geçen ýylkydan has arzandygyny «Mazda» kompaniýasy mälim etdi. Awtoulag öndürijisi haçbek üçin giriş derejesindäki S nusgasyny yzyna getirýär we iki ulagy hem geçen ýylka garanda birneme arzanladýar.

2025-nji ýylyň «Mazda3 2.5 S» sedany, 25135 dollardan başlap, öňkülerinden 220 dollar arzanladylan başlangyç derejeli model bolup galýar. 26135 dollarlyk «2,5 S» heçbek indi bu daşky görnüşdäki esasy model bolup, ol 2024-nji ýyldaky heçbekden 740 dollar arzandyr.

«2,5 S» üçin adaty hereketlendiriji «Mazdanyň» tebigy islegli 2,5 litrlik «Skyactiv-G» dört silindrli hereketlendirijisi bilen utgaşdyrylyp, ol 191 at güýjüne barabar bolan kuwwaty özünde jemleýär. Ulagda alty tizlikli awtomatiki geçiriş ýa-da alty tizlikli el bilen sazlaýyş ulgamy elýeterlidir.

«Mazda3» 250 at güýjüne, 320 Nýuton metr aýlanmak mümkinçiligine eýe bolan turbo görnüşli «Skyactiv-G 2.5» turbo hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews