Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan türkmenistanly gahrymanlar barada birnäçe neşir çap etdi

SalamNews

18 Aprel, 2024

Beýik Watançylyk urşunyň ýeňşiniň 79 ýyllygynyň öňüsyrasynda Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy basybalyjy duşmanlar bilen Watanynyň parahatçylygy we azatlygy üçin söweşip, adamzat taryhynda ebedi yz galdyran türkmen gahrymanlary barada birnäçe neşirler çap etdi.

Russiýanyň diplomatik wekilhanasy Türkmenistanyň ähli raýatlaryna urşy başdan geçiren şöhratly garyndaşlary hakda maşgala ýatlamalaryny paýlaşmagy haýyş etdi.

Ikinji jahan urşuna gatnaşanlaryň terjimehallaryny we suratlaryny rusemb-ashkhabad@mid.ru elektron poçta iberip bilersiňiz. Şu pursatdan başlap, olaryň ýatlamasy Russiýa Federasiýasynyň diplomatik wekilhanasynyň web sahypasynda, şol sanda sosial ulgamlarynda ebedileşdiriler.

Maglumat hökmünde belläp geçsek, ilçihananyň işgärleri Aşgabatda ýaşaýan uruş weteranlary — 98 ýaşly Sergeý Agamýany we 100 ýaşly Matryona Wolgini bu şanly sene mynasybetli gutladylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews